Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk kepilligi? Putin bilen ýüzleşmek? Zelenskiý Tramp tarapyndan ýyly kabul edildi, emma netije näbelli


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Ak Tama ikinji sapary fewral aýynda eden ilkinji saparyndan düýpgöter tapawutlandy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Ak Tama ikinji sapary fewral aýynda eden ilkinji saparyndan düýpgöter tapawutlandy.

Wolodymyr Zelenskiý soňky gezek Ak Tamda bolanda, ukrain prezidenti minnetdar bolmazlykda, jedelleşmekde we geýimi üçin tankyt edilipdi. Donald Tramp, ABŞ-nyň harby goldawyny togtadyp, Ukrainanyň Russiýanyň çozuşyna garşy durmak ukybyny pese gaçyrypdy.

Zelenskiniň Ýewropa we NATO liderleriniň uly bir toparynyň ýoldaşlygynda geçirilen ikinji sapary düýpgöter tapawutlydy: ol ýazgarylmagyň ýerine öwüldi; ABŞ-nyň “howpsuzlyk kepillikleri” baradaky tekliplere eýe boldy; ABŞ Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Zelenskiý bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagyna itergi berjekdigini aýtdy.

18-nji awgustda Ak Tamdaky gepleşikleriň Moskwanyň 42 aýlyk urşunyň bes edilmegine esas döredip-döretmändigini aýtmak entek ir.

Iň bolmanda bu, optimizmiň alamatlaryny döretdi: urşuň gutarmagyna we Ukrainany kemsidilmezligine umyt berdi. Şondan üç gün ozal Alýaskada Putiniň gyzyl haly düşelip, garşy alynmagy köplerde howatyrlanma döredipdi.

"Häzirki wagtda çözgüdiň nähili boljakdygyny kesgitlemek üçin çynlakaý çemeleşýäris" - diýip, Merkezi aňtaw gullugynyň öňki analitigi we häzir Waşingtonyň analitika merkezi Kuinsi institutynyň baş strategiýa müdiri Jorj Beebe aýtdy.

Bostonyň golaýyndaky Tafts uniwersitetiniň syýasatçysy we ukrain-rus taryhy boýunça bilermen Oksana Şewel: "Bu has erbet bolup bilerdi, ýöne haýsydyr bir düýpli öňegidişlik bolandyr öýdemok, sebäbi belli bir açyşyň jikme-jiklikleri, hususan-da howpsuzlyk kepillikleri ýok" -diýdi.

Londonda Ýewropanyň özgertmeler merkeziniň müdiriniň orunbasary bolup işleýän öňki britan diplomaty Ian Bond: "Men muny ilkibaşdan zyýany azaltmak synanyşygy hökmünde görýärdim we belli bir derejede bu başa bardy öýdýärin" -diýdi. Bilermen Tramp bilen Zelenskiniň soňky duşuşygyna baha berip, "Elbetde, fewral aýynda geçirilen ýygnakdan has gowy boldy" diýdi.

Alýaska. Ak Tam

Geçen hepde Tramp Putini ABŞ-nyň topragynda garşy aldy, dostlukly gujaklaşdy we Putine ýakyn durup, oňa gulak asdy.

Alýaskadaky sammit Tramp üçin ýeňiş bolmady: Russiýanyň hüjümini yzyna gaýtarmak üçin atyşygy bes etmek gazanylmady. Şol bir wagtyň özünde Putin, beýleki ýurtlara garanyňda Russiýa üçin deňdeş hökmünde görýän ýurdunda ýyly garşylandy.

Şeýle hem Putin, Ukrainada gysga wagtda atyşygy bes etmegi däl-de, has giňişleýin parahatçylyk şertnamasyny isleýän Trampa itergi bermegi başardy.

Bu, giňişleýin şertnama baglaşmagyň Putine Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň “düýp sebäplerini” öňe sürmäge mümkinçilik berjegini aňladýar. Russiýa käbir taryhy nägilelikleri öňe sürýär, olaryň käbiri Kiýew Rus taryhyna degişli, käbirleri 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, NATO gündogarda giňelip başlan döwrüne degişli bolýar. Putin ýene-de Moskwa gaýdyp gelen gününde Kremliň ýygnagynda şol "düýp sebäplerini" agzady.

Şeýle hem, häzirki ýagdaý Putine san taýdan has kiçi ukrain goşunyny we uruş zerarly ejir çekýän halkyny güýçden gaçyrmaga wagt berýär. Zelenskiniň saparyndan bir gün soň, Russiýa ukrain raýat nyşanlaryna köp sanly pilotsyz uçar we raketa goýberdi.

"Russiýa ýuwaş-ýuwaşdan we kynlyk bilen ýeňiş gazanýar, ýöne ol ýeňip barýar we bu Putiniň hakyky eglişiklere ýykgyn etmejegini aňladýar" diýip, Nýu-Ýorkuň Kornell uniwersitetiniň harby taryh professory Deýwid Silbeý aýtdy.

Ukraina “howpsuzlyk kepillikleri” Zelenskiý üçin öňden bäri ileri tutulýan ugur bolupdy we Trampyň olara gol çekmek islegi kiçijik ýeňiş boldy. Elbetde, bu Trampyň Alýaskadan ozal agzan "ýer çalşygyndan” has gowudyr.

Ýewropanyň sekiz lideriniň goldaw görkezmegi, Putiniň Brýussel bilen Waşingtonyň arasynda bölünişik döredip bilmändigini görkezdi. Kiýewiň gorkýan zady şudy. Tramp Putini Zelenskiý bilen duşuşmaga iterjekdigini mälim etdi.

Baş halkara habarçysy Maýk Ekel Pragadan habar berdi; Demirgazyk Amerika boýunça habarçy Todd Prins Waşingtondan habar berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG